gysylmak gy‧syl‧mak işlik

  1. Bir ýere ykjam dykylyp durmak; köpçüligiň içine düşüp sykylmak.

    • Gepleşige päsgel bermezlik üçin künje gysyldy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

  2. Howsala düşmek, dar göwünlilik etmek, darykmak.

    • Gurbanow hem gaty bir gysylyp, ýygryljyrap oturmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Göçme manyda Horlanmak, inçelmek, çekilmek.

    • Onuň hem arryk ýüzüniň tumşuklary gysyldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • gysylan
  • gysylanda
  • gysylandan
  • gysylandygy
  • gysylandyr
  • gysylanlygy
  • gysylanym
  • gysylanyny
  • gysylar
  • gysylary
  • gysylaýyn
  • gysyldy
  • gysyldygyça
  • gysyldym
  • gysyljak
  • gysyljakdygyna
  • gysylma
  • gysylma-da
  • gysylmaga
  • gysylmagy
  • gysylmagydyr
  • gysylmagyn
  • gysylmagyna
  • gysylmagyny
  • gysylmagynyň
  • gysylmagyň
  • gysylmak
  • gysylmaklyga
  • gysylmaklygyna
  • gysylmaklygyň
  • gysylmaklyk
  • gysylmalar
  • gysylmalara
  • gysylmaly
  • gysylman
  • gysylmanyň
  • gysylmasy
  • gysylmasynda
  • gysylmasyny
  • gysylmasynyň
  • gysylmaýan
  • gysylmaýanyny
  • gysylmaýar
  • gysylmaýardy
  • gysylmaýarlar
  • gysylmaň
  • gysylsa
  • gysylsa-da
  • gysylyp
  • gysylýan
  • gysylýandygyny
  • gysylýanlygy
  • gysylýanyny
  • gysylýar
  • gysylýardy
  • gysylýarlar