Eliňi ýumanyňda, eliň içinde emele gelýän boşluk.
On rupiýany gysymyna jyňňyrdadyp guýandan soň, serpik ýaňadandan has giňräk açyldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir gysyma sygar ýaly; inçe.
Bir gysym bedejikleri bolsa-da paýlaşar ekenler. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Onuň bir gysym topragyny men öz göwremiň bir agzasyna deňeýän. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Murtlary bir gysym, gözleri ala. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Onuň bili bir gysymdy.
Gaty horlanmak, hor görünmek; kiçijik görünmek.
Düýrükmek.
Bir gysym bolup, zyrmyrlyp barýan elguşy ýigitleriň ikisiniň-de ünsüni özüne çekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Biriniň erkini öz ygtyýaryňa almak, erk taýdan özüňe garaşly etmek.
Ol meni öňki çykaran gyzlary ýaly gysymynyň içinde saklajak bolýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)