gopmak gop‧mak işlik

  1. Ýüzi dökülip aýrylmak, gaçmak, soýulmak.

  2. Döwlüp aýrylmak, döwülmek.

  3. Sogrulyp aýrylmak, sogrulmak.

    • Durdugyça kynlaşsa-da oň haly, ýylgyn gopaýmasa, ol hem gopjak däl. (N. Pomma, Goşgular)

  4. Göçme manyda Ýerinden galmak, turmak.

    • Nabat ýerinden gopdy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Giç gopdum öýtýän, ýetişip bilmedim. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ynha, Akbibi daýzamy kružogymyza çlen edip alarys welin, şonda onuň gopuz çalşyny-da, läle kakyşyny-da görübereris.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem gopmak - gopdum, gopduň, gopupdyr.


Duş gelýän formalary
  • gopan
  • gopanda
  • gopandyr
  • gopanlaryň
  • gopany
  • gopanynda
  • gopanyny
  • gopar
  • gopar-da
  • gopara
  • gopardy
  • gopardyk
  • gopardylar
  • gopardym
  • gopardyň
  • goparka
  • goparlar
  • goparmy
  • gopasy
  • gopaýjak
  • gopaýmasa
  • gopdular
  • gopdum
  • gopdur
  • gopdy
  • gopdy-da
  • gopgun
  • gopjagy
  • gopjagyny
  • gopjagynyň
  • gopjak
  • gopma
  • gopmady
  • gopmadyk
  • gopmaga
  • gopmagy
  • gopmagyna
  • gopmagyny
  • gopmagynyň
  • gopmagyň
  • gopmak
  • gopmaklary
  • gopmalar
  • gopmaly
  • gopman
  • gopmany
  • gopmasa
  • gopmasa-da
  • gopsa
  • gopsa-da
  • gopsun
  • gopup
  • gopupdy
  • gopupdyr
  • gopýan
  • gopýandygyny
  • gopýanlygyny
  • gopýany
  • gopýanyny
  • gopýar
  • gopýardy
  • gopýardylar
  • gopýarka