gopgun

Güýçli galmagal, gykylyk, zenzele, wagyrdy.

  • Olar öz oýunlarynyň gyzgalaňy bilen daş-töwereklerini gopgun tursa-da duýmaýardylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Närazylyk, jenjel, gopgun ýene köpeldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Olar ownuk-uşak gopgun turuzsalar hem mümkindir. (H. Ysmaýylow, Powestler)