debsemek işlik

At, eşek we ş. m. ulag münlende, böwrüne aýagyň ökjesi bilen urmak, depmek.

  • Sähet golagy göterip, saraýyň içine salanlarynda, atyny debsäp, uýezd naçalnigi gelip ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Atly atyny debsedi-de, Sähet golakdan gamçy saldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)