debsilemek işlik

  1. At, eşek we ş. m. ulag münlende, böwrüne aýak bilen yzly-yzyna debsäp sürmek.

    • Galkarak oturyp, atyny debsiledi. («Görogly» eposy)

    • Batly öňe sürüp, debsiläp aty, Päli azanlara görkeziň şaty. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Äsgermezlik etmek, äsgermezlik edip horlamak, basgylamak.