borç at

[bo:rç]

  1. Bergi.

    • Ýigit bar, döwlet eýesi, Borç edip egne eýesi. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

    • Borja batmak. Borja galmak.

  2. Wezipe, kär.

    • Gan döküp alnan azatlygymyzy, Goramak, saklamak biziň borjumyz. (Ş. Kekilow, Saýlanan Eserler.)

    • Ine, ýaňja obamyzdan geldim men, Soldatlyk borjuma başladym ýene. (K. Gurbannepesow, Soldatyň Ýüregi)

    • Mukaddes borç.

  3. Berlen söz, edilen wada.

    • Her birisi özüne borç edindi, Köp adama iş öwredip bilmegi. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem borç - borjum, borjuň.