borçly sypat

[bo:rçly]

  1. Borjy bar bolan, bergili.

  2. Bir zady ýerine getirmekligi özüne borç edinen.

    • Partiýa guramalary öňde baryjylaryň iş tejribesini, ylmyň gazananlaryny giň ýaýratmaga borçludylar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  3. Edilen ýagşylyk üçin minnetdar bolan.

    • Ömrüm boýy borçludyryn men saňa. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem borçly - borçluda, borçlular, borçlusy.