ajy sypat

[a:jy]

  1. Ýiti we ýakymsyz täsir edýän tagam, süýji bolmadyk, süýji däl.

    • Işden soňky ajy çaý, Jana berýärdi şypa. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

    • Ajy hyýar. Ajy burç. Ajysy bolmadygyň süýjüsi bolmaz. (nakyl)

  2. Göçme manyda Agyr, erbet, kyn.

    • Ajy bir durmuşda gözýaşyn seçdi, Garybyň görjegni gör eden kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

ajy deriňi dökmek, çykarmak

seret der

  • Bu teklip, dogaly bäri ajy der dökmedik adamy ör-gökden getirer. («Tokmak» žurnaly)

ajy habar

  1. seret habar

  2. Ajy habar getirmek. Ajy habar aýtmak.

ajy söz

seret söz

  • Durdynyň ajy sözi Artyga kemsiz degdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ajy ýylgyrmak

Gaharly we kinaýaly gülmek.

ajyňy pürkmek

Biriniň ýüzüni almak, biriniň üstüne gaharly gygyrmak.

  • Şol ýumruk ýaly garrynyň üstüne ajyňy pürkmäge neneň diliň aýlandy! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)