der der at

Deri asty mäzlerden çykýan suwuklyk, çyg.

  • Derýadaky dür dek dürdäne derler Syrygýar ýaňakdan mysaly simap. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Baharyň egnindäki göwşüllän keteni köýneginiň ýagyrnysyna der çykypdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ajy deriňi çykarmak

Oňatja işlemek.

der basmak

Kynçylyk görmek, gysylmak, gyssanyp derlemek.

der bermek

Ýokary temperaturadan ýa-da agyr zähmetden soň derlemek (adam barada) ; çapylýan atlardan der çykmak, derlemek.

der dökmek

Köp zähmet sarp etmek, zähmet çekmek, işlemek.

  • Gündizine kolhozçylar pillerini güne ýalpyldadyp, der döküp işleýärdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

der saçmak

gara dere batmak

Gaty derlemek, egin-başyňy sykybermeli bolmak, derläp öl-suw bolmak.


Duş gelýän formalary
  • derde
  • derden
  • derdi
  • derdim
  • derdimi
  • derdir
  • derdiň
  • derdiňiz
  • dere
  • derem
  • deri
  • deridi
  • deridir
  • derim
  • derime
  • derimi
  • derimiz
  • derimizden
  • derimize
  • derimizi
  • derin
  • derinden
  • derine
  • derini
  • deriniň
  • deriň
  • deriňden
  • deriňi
  • deriňize
  • deriňizi
  • derje
  • derler
  • derleri
  • derlerini
  • derleriniň
  • derli
  • derligi
  • derlik
  • derlilige
  • derlilikde
  • dersiz
  • dersiň
  • derçe