Aýry-aýry düşünjeleri aňlatmak üçin hyzmat edýän gepleýiş birligi.
Sözler bogunlara bölünýär.
Gepleşik, gep, gürrüň.
Begenjiň ýüreginden syzdyryp aýdan soňky sözleri Aýsoltana makul geldi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Köp sözüň azy ýagşy, az sözüň -- uzy. (nakyl)
Tyg ýarary biter, söz ýarasy bitmez. (nakyl)
Köpçülik arasynda ýygnakda edilen çykyş, nutuk.
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem söz - sözüm, sözüň.
Ýakymsyz söz aýtmak, göwne degjek, ýokuş täsir edýän söz aýtmak.
Ýokuş degýän söz, ýakymsyz söz.
Sözleriň esasy manyny bildirýän we üýtgemän galýan bölegi.
Azajyk gürrüň.
Grammatik termin Belli bir many aňladýan, üýtgäp durmaýan sözler birikmesi.
Lingwistika Sözleýän ýa ýazýan adamyň öz pikirine bolan garaýşyny aňladýan sözler.
Biderek söz, boş söz.
Gury sözden palaw bolmaz, ýag bilen tüwüsi bolmasa. (nakyl)
Ulanmakdan galyp barýan sözler.
Bir mesele barasynda ilkinji bolup geplemek.
Onuň ilki salamyny alan aýal söz açdy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)
Ýygnakda we ş. m. ýerlerde çykyp gürlemäge ygtyýar almak.
Hemme kişiden soň Çary söz alyp, sypaýyçylyk bilen Pökgeni berk tankytlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Birinden bir zat barada maglumat almak.
Biriniň gyzyny gelinlige dilemek.
Men ýörite adam iberip söz aýtdyrdym, kakaň razy bolmandyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bir zady wada etmek, äht etmek.
Sözüň bogunlary, goşulmalar.
Bir bada aýdylýan söz böleklerine bogun diýilýär.
Birine bir zat diýip, söze başlamak, sözleşmek, gürleşmek.
Özüň baryp söz gatmasaň, seniň bilen olaryň işi ýok. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Gep gelmek, aýyplanmak.
Ol ýüzügara özüniň bu eden işinde eneme, atama söz ýeter diýip oýlanan däldir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Beren wadaňy aýdan zadyňy ýerine ýetirmek.
Süýji sözlemek, manyly geplemek.
Agzalalyk döremek, tersleşmek.
Gürrüňiň arasyny kesmek.
Uly ogly onuň sözüni böldi. («Mydam Taýýar» gazeti)
Emma men onuň sözüni böldüm. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Sözi ýakymsyz.
Gürrüň edip oturanyň sözüni bölmek üçin, edepli ýüzlenip, rugsat almak maksady bilen aýdylýan aňlatma.
Biri aýtjak zadyny aýdyp gutarmanka, gepläp başlamak, gürrüňiň arasyna goşulmak.
Gulluhan Çernyşowyň sözüniň arasyna düşüp, ýene gygyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Aýdanyň diňlenmek diýen zadyň ýerine ýetmek, gulak asylmak.
Diýen zadyň ähmiýetsiz bolmaklyk, aýdan sözüň netije bermezlik, ýer almazlyk.
Bir işi etmäge söz berip, soňra boýun towlamak, boýun gaçyrmak, beren sözüňden dänmek, gaýtmak.
Sözüň ýer tutmazlyk.
Erbet täsirli söz, ajy söz.
Täsir ediji söz, jana degiji söz, çuň manyly söz.
Erbet söz, göwne degýän söz.