agram at

  1. Bir zadyň agyrlygy.

    • Öweç goýunlaryň agramy 50-60 kilograma ýetýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Kynçylyk, agyrlyk; gaýgy.

    • Bütin agram daýhanyň üstüne düşýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Halnazar şeýle agramy nähili çeksin? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Bir zadyň köp bölegi, köpüsi.

    • Gijäniň agramy geçipdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

agram salmak

  1. Üstünden basmak, agram atyp aşaklygyna gysmak, agram atmak.

  2. Ezýet bermek, horlamak, ezmek.

    • Gamgyn bir duýgy enäniň kalbyna agram salyp, ýüregini bulardy. (M. Gorkiý, Ene)

agramy aşyr atmak

Köpüsini amal etmek, köp bölegini edip gutarmak, ýarpydan has aňry geçmek.

  • Agramy aşyr atan Gün dag gerişleriniň depesine tarap eňňit edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)