ýürekdeşlik

  1. Biri-biriňe mähirli aragatnaşykda bolmaklyk.

    • Balalarym, siz uçmanyň ak guşy ýaly gülşüň, oýnaşyň, ömür sürüň, men siziň ýürekdeşligiňize, agzybirligiňize guwanaryn ýörerin -- diýdi -de, agtygynyň elinden tutup, eýwana çykdy.

  2. Ýürekden turujylyk, pikirdeşlik, ugurdaşlyk.

    • Ýürekdeşlik bildirmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýürekdeşlik - ýürekdeşligi.