Türkmen dili

Çekimli sesler

Sap owazdan emele gelýän seslere çekimli sesler diýilýär. Türkmen dilinde 9 sany çekimli ses bar: a, o, u, y, e, i, ü, ö, ä. Olar aýdylanda, öýkenden gelýän howa agyz boşlugynda päsgelsiz çykyp gidýär.

Uzyn we gysga çekimliler

Türkmen diliniň çekimlileri söz içinde hem gysga, hem uzyn aýdylyp ulanylýar. Birnäçe sözlerde çekimlileriň uzyn ýa-da gysga aýdylmagy sözüň manysyna täsir edýär. Käbir sözlerde olar gysga aýdylanda, bir many, uzyn aýdylanda, başga bir many aňladýar.

Ak diýen sözüň çekimlisini gysga aýtsak, bu söz suwuň we şoňa meňzeş zatlaryň akmagyny aňladýar. Eger bu sözüň çekimlisini uzaldyp aýtsak, onda başga many, ýagny bir zadyň reňkini aňladýar.

Türkmen diliniň çekimlileri özleriniň aýdylyşlary taýyndan iki topara bölünýärler: uzyn çekimliler we gysga çekimliler. Türkmen dilinde gysga we uzyn aýdylýan çekimlileriň ikisine derek hem ýazuwda şol çekimli üçin kabul edilen harpyň özi ýazylýar.

at (münülýän at, tüpeň at, bäbege at dakdylar).

Inçe we ýogyn çekimliler

Türkmen diline çekimliler aýdylyşlary boýunça diliň öňe we yza hereket etmegi taýyndan iki hili bolýar:

  1. Inçe çekimliler: ä, ö, i, ü, e.

    Inçe çekimliler aýdylanda dil öňe, alynky dişlere tarap süýşýär.

  2. Ýogyn çekimliler: a, o, u, y.

    Ýogyn çekimliler aýdylanda, dil yza süýşýär, alynky dişlerden daşlaşýar.

Türkmen sözlerinde ýa tutuş inçe çekimliler, ýa-da tutuş ýogyn çekimliler ulanylýar. Olar gatyşyp bilmeýär.

Eger sözüň birinji bognunda inçe çekimlileriň biri bolsa, onda onuň soňky bogunlarynyň hemmesinde hem inçe çekimliler bolýar. Şeýlelikde, inçe çekimliler özara sazlaşyp gelýärler.

iş - işçi, işçiler, işçilerde, işçilerdäki, işçileriň.

Eger sözüň birinji bognunda ýogyn çekimlileriň biri bolsa, onda onuň soňky bogunlarynyň hemmesinde hem ýogyn çekimliler bolýar. Şeýlelikde, ýogyn çekimliler özara sazlaşyp gelýärler.

balyk - balykçylar, balykçylaryň, balykçylaryňkyda.

Emma başga dillerden giren sözlerde we goşma sözlerde inçe we ýogyn çekimliler gatyşyp gelip biler.

pioner, direktor, telewizor, radio, partiýa, kitap, derýa.

Bu hili sözlere goşulma goşulanda, olaryň iň soňky bognuna seretmeli. Eger olaryň soňky bogny inçe bolsa, onda inçe goşulmalar goşulýar, ýogyn bolsa, onda ýogyn goşulmalar goşulýar.

pioner - pionerler, kitap - kitabyň, direktor - direktorymyz.

Dar we giň çekimliler

Türkmen diliniň çekimlileri diliň kentlewüge bolan gatnaşygy taýyndan iki topara bölünýär:

  1. Dar çekimliler: y, i, u, ü.

    Dar çekimliler aýdylanda dil kentlewüge tarap ýokary galýar. Şonda howanyň geçjek ýoly daralýar.

  2. Giň çekimliler: a, ä, o, ö, e.

    Giň çekimliler aýdylanda, dil kentlewükden aşak tarap gaýdýar, daşlaşýar. Şonda howanyň geçjek ýoly giňelýär.

Sözleriň ahyrynda gelýän y, i dar çekimlileri uzyn aýdylsa, olaryň yzyndan ý sesi ýazylýar.

gyý, diý.

Emma sözleriň ortasynda gelýän y, i dar çekimlileri uzyn aýdylsalar-da, olardan soň ý sesi ýazylmaýar.

gyz, tiz, kyn, gündiz.

Dar çekimlileriň düşmek kanuny

Dar çekimlileriň ikinji bogunda düşüp galmagy üçin aşakdaky şertler gerek.

  1. Dar çekimlisi düşýän sözüň soňy z, l, n, r, s, ş çekimsizlerine gutarmaly.
  2. Dar çekimlisi düşýän sözüň çekimlileri gysga aýdylmaly.
  3. Dar çekimlisi düşýän sözüň birinji bogny açyk bogun bolmaly.
  4. Düşüp galýan dar çekimliniň öňünden z-, d-den başga açyk çekimsizler gelmeli.
  5. Dar çekimliniň düşüp galmagy üçin söze çekimli sese başlanýan goşulma goşulmaly.
Meselem:
bagyr bagry
ogul ogly
nebis nebsi

Asyl, pasyl, nesil, ylym sözlerine çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda, olaryň ikinji bognundaky dar çekimlisi kadadan çykma hökmünde düşürilýär:

Meselem:
asyl asly
nesil nesli
pasyl pasly
ylym ylmy

Aňry, bäri, ýokary, ileri ýaly tarap görkezýän sözlere d, k, r, s sesleri bilen başlan goşulmalar goşulanda, olaryň soňundaky dar çekimliler düşürilip ýazylýar.

Meselem:
bäri bärde bärräk bärsi bärlerinde
ileri ilerde ilerräk ilersi ilerlerinde

-ýyş, -ýiş goşulyp ýasalan sözleriň soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, -ýyş, -ýiş goşulmasynyň arasyndaky dar çekimliler düşürilip ýazylýar.

Meselem:
ýaşaýyş ýaşaýşymyz
sözleýiş sözleýşimiz

Dodaklanýan we dodaklanmaýan çekimliler

Türkmen diliniň çekimlileri aýdylanda, dodaklaryň gatnaşyp we gatnaşmazlygy taýyndan iki topara bölünýär:

  1. Dodaklanýan çekimliler: o, u, ö, ü.

    Bu çekimliler aýdylanda dodaklar aktiw gatnaşyp, olar tegelenýär we öňe tarap çömmelýär.

  2. Dodaklanmaýan çekimliler: a, ä, y, i, e.

    Bu çekimliler aýdylanda, dodaklar gatnaşmaýar.

Dodak çekimlileriň ýazuw düzgüni

Türkmen dilindäki dodak çekimliler iki topara bölünýär:

  1. Giň dodak çekimliler: o, ö.
  2. Dar dodak çekimliler: u, ü.

Giň dodak çekimliler sada sözleriň diňe birinji bognunda ýazylýarlar, soňky bogunlarda o eşidilse, a, ö eşidilse, e ýazylýar.

oglan, ördek, börek, sogan, dogan.

Dilimizde ulanylýan goşma sözlerde (inedördül, ýolgörkeziji, Daşhowuz, Aýsoltan, mekgejowen, otluçöp, günorta) we direktor, traktor ýaly internasional sözlerde giň dodak çekimliler diňe birinji bogunda däl, eýsem beýleki bogunlarda-da ýazylýarlar.

Giň dodak çekimliler (o, ö) sada sözleriň diňe birinji bogunda ýazylýar, emma dar dodak çekimliler (u, ü) sada sözleriň ikinji bognunda-da ýazylýarlar.

Eger-de sada sözleriň birinji bognunda dodak çekimlileriň (o, ö, u, ü) biri bolsa, onda olaryň ikinji bognundaky gysga aýdylýan dar çekimliler dodaklandyrylyp (u, ü) ýazylýarlar.

üzüm, goýun, çukur, ýolguç, ýumuş.

Sada sözleriň ikinji bognundan soňky bogunlarynda dar dodak çekimliler (u, ü) ýazylmaýar. Ikinji bognundan soňky bogunlarda u eşidilýän ýerinde y, ü eşidilýän ýerinde i ýazylýar.

üzümçilik, bolçulyk, guşçulyk.

Birinji bognunda dodak çekimlilerden biri bolan sözleriň ikinji bognundaky uzyn aýdylýan dar çekimliler dodaklandyrylman ýazylýar.

uzyn, toklynyň, üçimiz we ş. m.

Birinji bognunda dodak çekimlilerden biri bolan iki bogunly sözleriň soňky açyk bognunda dar dodak çekimliler ýazylmaýar.

goşgy, uly, gözi, tokly.

Şonuň ýaly sözlere çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar çekimliler gysga aýdylsa, onda olar dodaklandyrylyp (u, ü) ýazylýar.

Meselem:
Söz Goşulma Netije
goşgy lar goşgular
tokly lar toklutaý

Dar dodak çekimliler (u, ü) düýp sözleriň ýapyk bognunda w çekimsiziniň öňünden we soňundan eşidilen ýerinde ýazylýarlar.

ýazuw, gawun, şarlawuk, gürlewük we ş. m.

Internasional sözlerde we "kanun, dessur, mazmun" ýaly sözlerde birinji bognunda dodak çekimliler bolsa-bolmasa, olaryň soňky bogunlarynda u dodak çekimlisi eşidilýän ýerinde ýazylýar.

Dar dodak çekimliler goşma sözleriň üçünji we dördünji bogunlarynda hem ýazylýarlar.

Oguldursun, düýeboýun, ikuçlulyk, atýüwrük we ş. m.

Sözleriň birinji bognunda uzyn aýdylýan dar ü dodak çekimlisinden soň ý ýazylýar.

güýç, süýt, üýrmek, düýrmek.

Sözleriň birinji bognunda uzyn aýdylýan dar u dodak çekimlisinden soň eşidilýän ýerinde ý ýazylýar.

duý, guý.

Sözleriň soňunda dar u dodak çekimlisi uzyn aýdylsa, onuň yzyndan degişli ýerinde w ýazylýar.

suw, guw.

Emma sözleriň ortasynda dar u dodak çekimlisi uzyn aýdylsa-da, onuň yzyndan w ýazylmaýar.

duz, surat.