Türkmen dili

Fonetika, grafika we orfografiýa

Fonetika dildäki ulanylýan sesleri öwredýär. Sözler seslerden düzülýär.

Grafika harplaryň ýazuw şekilidir. Ol ses bilen harpyň gatnaşygyny öwredýär. Sesleriň ýazuw belgisine harp diýilýär. Harplaryň tertip boýunça toplumyna elipbiý diýilýär.

Sesler belli bir tertipde gelmek arkaly birleşip, söz emele getirýärler. Şol sözleriň ýazylyşynyň belli bir kadasy, düzgüni bar. Sözleriň dogry ýazylyş düzgünini orfografiýa öwredýär.