Türkmen dili

Goşulmalaryň ýazuw düzgüni

  1. Goşulmalar özleriniň degişli sözlerine goşulyp ýazylýarlar.

    Merediň, Durdyny, öýde, meýdandan, ýazdyk, sözle, otluk.

    Basymy özlerine geçirmeýän -da, -de, -dä, -a, -ä, -ha, -hä, la, -le kimin goşulmalar bu kadadan çykarylyp, degişli sözleri bilen aralarynda defis goýlup ýazylýarlar.

    aldy-da, geldi-de, ol-a, Berdi-hä, Gözel-ä, okady-la, gitdi-le, aldy-la.

    Çekimli ses bilen gutarýan sözlere basymy özüne geçirmeýän -ha, -hä goşulmasy goşulýar: Durdy-ha, aýy-ha, ene-hä, geçi-hä.

    Çekimsiz ses bilen gutarýan sözlere bolsa -a, -ä goşulmasy goşulýar: Oraz-a, Gözel-ä. Gepleşikde çekimli ses bilen gutarýan sözlere-de -a, -e goşulmasynyň goşulyşy duş gelýär.

    Sözleriň ilki sesinden düzülen gysgaldylan goşma sözler bilen goşulmanyň arasynda defis goýlup ýazylýar.

    ABŞ-nyň.

  2. Goşulmalar palatal singarmonizm kadasyna boýun egdirilip ýazylýarlar.

    obadan, öýümizde, almaly, erikli, taryhy, syýasy, ylmy, synpy.

    Aşyky, Pyragy ýaly sözler-de şu kada esasynda ýazylýarlar.

    Aşakdaky goşulmalarda bu kada saklanmaýar: -ana, -baz, -ban, -war, -waç, -gir, -gär, -dan, -dar, -jagaz, -zada, -zar, -keş, -kär, -maç, -nama, -paraz, -pez, -hana, -hor, (y, i, u, ü) -stan, bi-, bed-, nä-.

    görkana, erkana, jeňbaz, tirebaz, betbagt, mähriban.

  3. Sözleriň öňünden gelip, täze manyly söz ýasaýan aşakdaky ýaly sözler bilen gelende, goşulyp ýazylýar.

    käwagt, kämahal, kägün, käbir, käýerde, käýarym.

    baglaýjy kömekçi bolup gelende, ol aýry ýazylýar.

    Kä bulut gelýär, kä gün çykýar.

  4. Garyşyk bogunly sözlere goşulma goşulanda, goşulmany sözüň soňky bognunyň çekimlisine eýerdip ýazmaly.

    pionerler, meýdanyň.

    Soňy -sk bilen gutarýan sözler bu kada girmeýärler.

  5. Aşakdaky goşulmalar nähili sözlere goşulsalar-da we sözüň haýsy bognunda gelseler-de, ýazuwda dodaklandyrylyp ýazylýarlar.

    Goşulma Mysal
    -wuk sandyrawuk
    -wük jürlewük
    -ewünt düşewünt
    -uw ýazuw
    -üw berüw
    -sow damaksow
    -söw çägesöw
    -hor parahor
    -hon kitaphon
  6. Türkmen diline rus diliniň üsti bilen giren sözleriň soňy ý bilen gutarýan bolsalar, olara goşulma goşulanda, ý düşürilip ýazylýar.

    Meselem:
    wožatyý wožatyda

    Muzeý, liseý, maý ýaly sözler bu kadadan çykýar.

  7. Kino, palto ýaly sözlere soňy çekimli ses bilen gutarýan sözlere goşulýan affiksler goşulýar. Emma ýöneliş düşüm diňe o sesiniň uzyn aýdylmagy bilen bildirilýär.

    Men kino gitjek.

  8. Soňy z, l, n, s seslerine gutarýan sözlerde d bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, d sesi söz soňundaky seslere öwrülip geplense-de, ýazuwda ol öwrülmän ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    bizze bizde
    ally aldy
    ýollaş ýoldaş
    mennen menden
    Nepessen Nepesden
  9. Bi-prefiksi çekimli ses bilen başlanýan sözlere goşulanda, goşulma bilen sözüň arasynda ý sesi eşidilse-de, ýazuwda ol sözleriň asyl görnüşi saklanylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    biýagyry biagyry
    biýedep biedep
  10. Käbir dar çekimlilere başlanýan goşulmalaryň ilki sesi düşürilip geplense-de, ýazuwda olar düşürilmän ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    golaýmyz golaýymyz
    baglarňyz baglaryňyz
    ýorganlarňy ýorganlaryňy
    ýorganlarny ýorganlaryny
  11. -a, -e, -la, -le, -ma, -me bilen gutaran işliklere -ýar, ýär goşulanda, işlikleriň soňundaky -a, -e sesleri dar çekimlilere öwrülip geplense-de, -a, -e giň çekimlisi ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    ýaşyýar ýaşaýar
    barlyýar barlaýar
    gözlüýär gözleýär
    ýatmyýar ýatmaýar
  12. -dyr, -dir kem işligi goşulan sözler ýöňkeme bilen üýtgände, ikinji ýöňkemäniň birlik we köplük sanlarynda -dyr, -dir kem işligi düşürilip hem geplenýär, ýazuwda olaryň iki hili ulanylyşyna-da ýol berilýär.

    Meselem:
    akyllydyrsyň we akyllysyň
    akyllydyrsyňyz we akyllysyňyz
    ökdedirsiň we ökdesiň
    ökdedirsiňiz we ökdesiňiz
  13. -myş, -miş kem işligi goşulan sözler ýöňkeme bilen üýtgände, birinji ýöňkemäniň köplüginde kä -yk, -ik käte bolsa -ymyz, -imiz goşulýar. Munuň iki wariantynyň-da ýazylmagyna ýol berilýär.

    Meselem:
    alanmyşyk we alanmyşymyz
    görenmişik we görenmişimiz
  14. -my, -mi sorag goşulmasy -dy, -di, -dyr, -dir kem işliklerinden öň hem, soň goşulyp bilýär. Ýazuwda munuň iki hili ulanylyşyna hem ýol berilýär.

    Meselem:
    oglandymy we oglanmydy
    görüpdimi we görüpmidi
    okuwçydyrmy we okuwçymydyr
    görendirmi we görenmidir
  15. Işlikleriň häzirki zamanyna goşulýan -my, -mi goşulmasy ikinji ýöňkemäniň birlik we köplük sanlarynda ýöňkeme goşulmasyndan öň hem, soň hem gelip bilýär. Ýazuwda munuň iki hili ulanylyşyna-da ýol berilýär.

    Meselem:
    başarýarmysyň we başarýarsyňmy
    başarýarmysyňyz we başarýarsyňyzmy
    görýärmisiň we görýärsiňmi
    görýärmisiňiz we görýärsiňizmi
  16. Tertip sanlar arap sifrleri bilen görkezilende, sandan soň defis goýlup, -njy, -nji goşulýar.

    6-njy, 9-njy, 3-nji, 10-njy

  17. Ýazuwda hem sözüniň goşulma öwrülip ulanylyşynada ýol berilýär.

    Meselem:
    Oraz, sen hem oka. Oraz, senem oka.
    Men hem alaýyn. Menem alaýyn.