Türkmen dili

Düýp sözleriň ýazuw düzgüni

Sesleriň düşmek düzgüni

  1. Ilki bogny açyk we çekimlileri gysga aýdylýan, soňy z, l, n, r, s, ş seslerine gutarýan iki bogunly düýp sözleriň soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, ikinji bogundaky gysga aýdylýan dar çekimliler özlerinden öň z, d seslerinden başga açyk çekimsiz ses gelende, düşürilip ýazylmalydyr.

    Meselem:
    agyz agzy
    ogul ogly
    bogun bogny
    görün görner
    bagyr bagry
    towus towsar
    uruş urşar
    köwüş köwşi

    Asyl, pasyl, nesil, ylym ýaly sözler bu kadadan çykarylyp, asly, pasly, nesli, ylmy kimin ýazylýarlar.

    Ikinji bogundaky dar çekimlisi düşürilýän sözler goşma sözleriň sostawynda gelende, dar çekimliler üçünji we dördünji bogunda gelseler-de düşürilýär.

    Meselem:
    baggoýun baggoýny
    kyrkbogun kyrkbognuň

    Dar çekimlisi düşürilip ýazylýan sözleriň öňünden goşulma (prefiks) goşulyp, olar üç bogunly söze öwrülseler-de, dar çekimliler düşürilip ýazylýar.

    Meselem:
    nätanyş nätanşy
    betnebis betnebsi
  2. Aňry, bäri, ýokary, ileri ýaly tarap görkezýän sözlere d, k, l, r, s sesleri bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, olaryň soňundaky dar çekimliler düşürilip ýazylýar.

    Meselem:
    aňry aňyrda, aňyrky
    bäri bärde, bärki, bärsi
    ýokary ýokarsy, ýokarrak
    ileri ilerlemek, ilerki

    Aňry sözüniň soňuna ýokarky sesler bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, r we y sesleri öz orunlaryny çalşyrýarlar.

    Meselem:
    aňry aňyrda, aňyrky, aňyrsy, aňyrrak, aňyrlygyna

    Soňy dar çekimli ses bilen gutarýan sözlere giň çekimliler bilen başlanýan işlik ýasaýjy goşulmalar goşulanda, söz soňundaky dar çekimli düşürilip ýazylýar.

    Meselem:
    sary saralmak
    küti kütelmek
    çüri çürelmek
    ýiti ýitelmek
    mawy mawarmak
    garry garramak
    porsy porsamak
    süýji süýjemek
    turşy turşamak

    Guzy, uky, dury ýaly sözlere işlik ýasaýjy -la, -le goşulmasy goşulanda, söz soňundaky dar çekimli (y, i) düşürilip ýazylýar.

    Meselem:
    guzy guzlamak
    uky uklamak
    dury durlamak
  3. -ýyş, -ýiş arkaly ýasalan sözleriň soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, -ýyş, -ýiş goşulmasynyň, y, i sesleri düşürilip ýazylýar.

    Meselem:
    okaýyş okaýşy
    ýaşaýyş ýaşaýşy
    sözleýiş sözleýşi
  4. K sesine gutaryp köp bogunly sözleriň soňuna -jyk, -jik, -jak, -jek goşulmalary goşulanda, söz soňundaky k sesi düşürilip ýazylýar.

    Meselem:
    taýak taýajyk
    köýnek köýnejik
    oýluk oýlujak
    ilik ilijek
    bölek bölejik

Dymyk sesleriň açyk sese öwrülişi

  1. Soňy zarply dymyk k, p, t, ç sesleri bilen gutarýan köp bogunly hem-de çekimlisi uzyn aýdylýan bir bogunly sözleriň yzyna çekimli ses ýa-da r sesi bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, söz soňundaky dymyk sesler degişli açyk g, b, d, j seslerine öwrülip ýazylýarlar.

    Meselem:
    taýak taýagy
    orak oragyň
    ak agrak
    elek elege
    gap gabyň
    kitap kitabymyz
    tertip tertibi
    at adyň
    tut tudyňyz
    belet beledräk
    Meret Merediň
    güýç güýjüň
    giç gijräk
    çekiç çekije
    agaç agajyň

    Bu kadadan çykarylyp, tanap, tarap, ganat, edebiýat, hökümet, zähmet, minnet, niýet ýaly alynma sözleriň soňky p, t sesleri açyga öwrülmän aýdylýar, şeýle hem ýazylýar.

    Meselem:
    tanap tanapy
    tarap tarapy
    ganat ganaty
  2. Zarply dymyk k, t seslerine gutarýan bir bogunly uzyn çekimlili we birden köp bogunly işliklere ý harpy bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, olaryň soňundaky dymyk sesler açyk g, d seslerine öwrülip geplenýär. Bular geplenişi ýaly açyga öwrülip ýazylmalydyrlar.

    Meselem:
    aklat akladýar
    işlet işledýär
    okat okadýar
    düzet düzedýär
    it idýär
    ajyk ajygýar
    howluk howlugýar
    gijik gijigýär
    öjük öjügýär
  3. Soňy -at, -et, -ýat seslerine gutaran arap, eýran dillerinden geçen köp bogunly sözleriň soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, olaryň soňundaky t sesi açyk d sesine öwrülmän ýazylýar.

    Meselem:
    jemagat jemagatyň
    syýasat syýasaty
    syýahat syýahaty
    edebiýat edebiýaty
    minnet minneti
    medeniýet medeniýetimiz
    millet milleti
    zähmet zähmetiň
    hökümet hökümeti
    sungat sungaty
  4. Soňy k, p, t, ç seslerine gutarýan sözler çekimli ses bilen başlanýan sözleriň öňünden gelip, şolar bilen goşulyp ýazylanda, ýokarky dymyk sesler degişli açyk seslere öwrülip ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    nalaçedeýin nalajedeýin
    basypalyjy basybalyjy
    Akoraz Agoraz
  5. Soňy dymyk p, t, ç seslerine gutarýan rus-internasional sözleriniň yzyna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulsa-da, dymyk sesler açyga öwrülmeýär.

    Meselem:
    teleskop teleskopy
    ştamp ştampy
    institut instituta

    Peç sözi bu kadadan çykýar: peç -- pejiň.

    Soňy k sesi bilen gutarýan rus-internasional sözleriniň yzyna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, söz soňundaky dymyk k sesi, köplenç, açyga öwrülýär.

    Meselem:
    tehnik tehnigi
    akademik akademigi
  6. Çekimlisi gysga aýdylýan bir bogunly sözleriň yzyna çekimli sese we r, ý seslerine başlanýan goşulmalar goşulanda, olaryň soňundaky dymyk sesler açyga öwrülmän ýazylýar.

    Meselem:
    ek eker, ekýär
    açar, açýar
    at atar, atýar
    tap tapar, tapýar
    çet çeträk
    gep gepi
    içi
    kak kaky

    Et, git, aýt, gaýt, gurp, zarp, enç, sanç, harç, pent, bent, gant, yşk, köşk ýaly az-owlak sözler bu kadadan çykarylýarwe olaryň soňundaky dymyk sesler açyk sese öwrülip ýazylýarlar.

    Meselem:
    et edýärin, edýärsiň
    git gidýärin, gidýärsiň
    aýt aýdýaryn, aýdýarsyň
  7. Soňy zarply dymyk k, p, t, ç seslerine gutarýan sözler sözlem içinde çekimli seslere başlanýan sözler bilen ýanaşyp gelenlerinde, olaryň soňundaky dymyk sesler degişli açyk g, b, d, j seslerine öwrülip gepleniş häsiýeti bar. Şeýle bolsa-da, bular ýazuwda öwrülmän ýazylmalydyrlar.

    Gög ot ýazylman; gök ot; içib otyr ýazylman, içip otyr; bad alyp ýazylman, bat alyp; ag öýli ýazylman, ak öýli ýazylmalydyr.

Söz ortasynda iki çekimsiziň ulanylyşy

  1. Düýp sözüň ortasynda eşidilýän we her biri aýry bogna degişli bolan ýanaşyk gelen iki dymyk sesiň soňkusyny açyga öwrüp ýazmaly.

    tapbat, hatda, depder, keçje, çakgy, çakgan, işdä, mekdep, serişde.

    Madda, maddy, mukaddes sözleri bu kada girmeýär.

  2. Söz ortasynda ýanaşyk gelýän st, mb, ňg sesleriniň düýp sözlerde assimilleşdirilen wariantyny ss, mm, ňň ýazmaly.

    hassa, ussa, tümmek, lemmer, gaňňa, işeňňir.

    Ýassyk, tussag ýaly sözler hem bu kada girizilýär.

    At bolup gelýän gyzzyrma, össürim, bassyrma ýaly sözleriň assimilleşdirilen formasy ýazylmaly. Bular işlik bolup gelende assimilleşdirilmän, gyzdyrmak, ösdürmek, basdyrmak ýazylýar.

  3. Asyl sözleriň ortasynda ýanaşyp gelýän ld, nd sesleriň assimilleşdirilmedik warianty ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    ballak baldak
    ballyz baldyz
    sallamly saldamly
    künnük kündük
    sannyk sandyk
    ýannak ýandak
    ennam endam
  4. Öňki bogny ýapyk, soňky bogny r sesi bilen başlanýan sözlerde r sesiniň öň ýanynda ysgynsyz dar çekimli eşidilse-de ýazylmaýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    topurak toprak
    gudurat gudrat
    pytyramak pytramak
    eşiret eşret
    artykmajyrak artykmajrak
    ganymadyrak ganymadrak
    tiziräk tizräk
  5. Ses we şekil bildirýän sözlerde -la, -le goşulanda, goşulma bilen ol sözleriň arasynda çala eşidilýän dar çekimli ses bar ýaly bolsa-da, ol ýazylmaýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    patylamak patlamak
    hykylamak hyklamak
    haşylamak haşlamak
    iňilemek iňlemek

Söz soňunda iki çekimsiziň ýanaşyk gelşi

  1. Düýp sözleriň soňunda iki sany dymyk çekimsiziň ýa-da sonorly we dymyk çekimsiz sesleriň ýanaşyk gelmek häsiýeti bar. Olaryň ilkisi w, g, ý, l, n, ň, r, s, h, ş sesleri bolup, soňkusy bolsa k, p, s, t, h, ç sesleri bolýar. Şol çekimsiz sesleriň arasynda ysgynsyz dar çekimli ses eşidilýän ýaly bolsa-da, olar ýazylmaýar.

    Meselem:
    wp howp
    möwç
    gt bagt, nagt, wagt
    ýp haýp, keýp
    ýt aýt, gaýt, süýt
    lk halk, mülk, silk
    lp gulp, zülp
    lt milt, çalt, elt, ýalt, ýult
    np synp
    ns jyns, üns
    gazanç, begenç, guwanç
    ňk süňk, aňk, taňk, çeňk
    rz arz, karz
    rk berk, şark, gerk, erk
    rp harp, sarp, zarp, gurp
    rs ders, sars, bars
    rt ýyrt, dört, murt, mert
    rh çarh, parh, nyrh
    harç, burç, berç, sarç
    st ast, kast, üst
    ht äht, jäht, şäht
    şk köşk, yşk
    şp keşp
    şt küşt, keşt

Dar çekimlileriň dodaklandyrylma düzgüni

  1. Ilki bognunda dodak çekimlilerinden (o, ö, u, ü) biri gelen köp bogunly sözleriň ikinji bognundaky gysga aýdylýan dar çekimliler dodaklandyrylyp ýazylýar.

    ogul, ýorunja, uçgun, öküz, ümür, ýüzüm, ýumuş, ýumşuň, ýurduňyz, özüň, üzüm, kömür, düzüm, sözüň, ogluňyz, ördük, durduňyz, özümiz, ýoluňyz, rolunda.

  2. Düýp sözlerde w sesinden öň we soň gelen gysga aýdylýan dar çekimliler dodaklandyrylyp ýazylýar.

    gawun, mawut, awunmak, hyjuw, ýazuw, awuly.

  3. Türkmen sözlerinde söz soňundaky dar çekimliler dodaklandyrylman ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    ulu uly
    börü böri
    çürü çüri
    mawu mawy
    awu awy

    Ýokardaky ýaly sözleriň yzyna goşulma ýa-da söz goşulanda, gysga aýdylýan dar çekimliler sözüň ortasyna geçýärler we dodaklandyrylyp ýazylýarlar.

    Meselem:
    uly ulumsy
    uky ukuda
    öwgi öwgüli
    öňki öňküligine
    dogry dogrulap
    dürli dürlüsinden
    awy awuly
    mawy mawumtyl

    Goşma sözler: otluçöp, toklutaý, porsuderman.

    Eger-de ikinji bogundaky dar çekimliler uzyn aýdylýan bolsa, beýle sözlerde olar dodaklandyrylman ýazylmalydyr.

    Meselem:
    uly ulynyň
    uky ukynyň
    öňki öňkini
    öwgi öwgiňiz
  4. Goşma sözlerde dodak çekimlileri, umumy kada esasynda, sözüň üçünji we dördünji bogunlarynda hem ýazylýar.

    Oguldursun, Daşhowuz, üçburçluk, mekgejöwen.

Iki hili aýdylýan sözleriň ýazuw düzgüni

  1. Kä dodaklandyrylyp, kä dodaklandyrylman, iki hili aýdylýan sözleriň dodaklandyrylyp ulanylýan warianty ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    hinji hünji
    mykdar mukdar
    Misir Müsür
    minmek münmek

    Mydam, ýilik ýaly sözler bu kadadan çykarylyp, dodaklandyrylman ýazylýar.

    Çirtmek, çürtmek, bitin, bütin ýaly sözleriň her biri aýry-aýry many aňlatmagyna görä, olaryň iki hili formasy hem ulanylmalydyr.

    Bütin sözi hemme, ähli sözüniň manysynda ulanylyp, bitin sözi abat manysynda ulanylyşy kimin.

  2. Söz ortasynda ýanaşyk gelýän lň-ňl, lg-gl, pr-rp sesleriniň çalşyrylyp ulanylyşy duş gelýär. Ýazuwda bularyň ilki warianty alynýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    ýaňlyş ýalňyş
    yglamak ylgamak
    torpak toprak
  3. Sözüň başynda kä açyk, kä dymyk aýdylýan çekimsiz sesleriň açyk görnüşi ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    tykyz dykyz
    tört dört
    kep gep

    tänmek, dänmek, tikmek, dikmek, kyrt, gyrk ýaly sözleriň her biri aýry many aňlatmagyna görä, olaryň iki hili görnüşi-de ýazylýar.

    kyrk sözi belli mukdary (kyrk adam), gyrk sözi gyrkylmak ýa gaýçy bilen bir zady kesmegi aňladýar.

  4. Käbir düýp sözlerde çalşyrylyp ulanylýan g, w sesleriniň soňkusy ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    ýügürmek ýüwürmek
    dügme düwme
    ögürmek öwürmek
    dügün düwün

    Ugur, ýugur, jögi ýaly sözler bu kada girmeýärler.

  5. Kä inçe, kä ýogun çekimliler bilen iki hili aýdylýan sözleriň inçe warianty ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    adym ädim
    tyz tiz
    sym sim
    alam älem

    Watan, dyz, janawar, ys, yz sözleri bu kadadan çykarylýar.

  6. Soňy ç sesine gutarýan sözlere d, j, l, s, ç sesleri bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, ç sesi ş sesine öwrülip geplense-de, ýazuwda öwrülmän ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    aşdy açdy
    göşjek göçjek
    uşjak uçjak
    saşly saçly
    güýşli güýçli
    işsem içsem
    agaşçy agaççy
  7. Iki sany açyk bogundan düzülen işliklere ý bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, olaryň soňundaky çekimliler düşürilip geplense-de, ýazuwda düşürilmän ýazylýarlar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    otýar otaýar
    gorýar goraýar
    daşýar daşaýar
    bezýär bezeýär
    deňýär deňeýär
    bekýär bekeýär
    ýamýar ýamaýar
  8. Soňky çekimlisi iki hili aýdylýan düýp işlikleriň giň çekimli bilen aýdylýan warianty ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    dagymak dagamak
    dokymak dokamak
    gatymak gatamak
    sarymak saramak

Goşma sözleriň ýazuw düzgüni

  1. Goşma has atlar bile ýazylýar.

    Amangül, Geldimyrat, Almaata, Köneürgenç, Gyzyletrek, Amyderýa, Köpetdag, Syrderýa

    Eger-de bile ulanylýan has atlaryň soňkusynyň yzyndan üçünji ýöňkemäniň goşulmasy getirilýan bolsa, onda olar aýry ýazylýar.

    Murgap derýasy, Kazbek dagy, Dnepr derýasy

    Goşulyp ýazylýan has atlaryň ortasynda ýanaşyp gelýän iki çekimliniň gepleşikde biri düşürilip geplense-de, ýazuwda olar düşürilman ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    Annoraz Annaoraz
    Almata Almaata
    Könürgeç Köneürgenç
  2. Basym taýyndan birleşen, fonetik özgerişe sezewar bolan we täze many aňladýan goşma sözler bile ýazylýar

    ýekegapan, gözdaňdy, atagzy, bedenterbiýe, gözbagçy, unaş, aýakgap, porsuderman, içigara, agzala, basybalyjy, bäşýyllyk, myhmansöýer, birentek, birneme, birsyhly, gözýetim, saryýagyz.

    Goşma jyns atlarda galdyrylyp geplenýän çekimli sesler ýazuwda hem düşürilip ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    gelineje gelneje
    altyatar altatar
  3. Durubermek, goýubermek, görübermek, alybermek, gidibermek, turubilmek, duýubilmek ýaly goşma işlikler bile ýazylýar.

  4. Goşma sanlary emele getirýän sözleriň her biri aýratyn ýazylýar.

    on bir, on bäş, on dokuz, iki ýüz ýigrimi bäş.

  5. Tirkeş sözleriň aralaryna defis goýlup ýazylýar.

    köne-söne, oglan-uşak, gaty-guty, aňry-bäri, düzüm-düzüm, gel-git, otyr-tur, bäş-on.

    Iru-giç, azu-köp, gyzu-juwan, keýpi-sapa, ahy-zar ýaly tirkeş sözlerde baglaýjy goşulmalar (u, y, i) sözüň ilkisine goşulyp, onuň yzyndan defis goýlup ýazylýar.

  6. Sypatlaryň öňünden gelip, artyklyk derejesini ýasaýan m, p, s seslerine gutarýan bölekler bilen sypatlaryň aralaryna defis goýlup ýazylýar.

    göm-gök, gas-gaty, dos-dogry, ap-ak, gyp-gyzyl.

  7. Gaýtalanyp gelýän sözleriň aralygyndaky -a, -e, -ba, -be, -da, -de, -dan, -den, -ma, -me, -ha, -hä ýaly goşulmalar sözüň ilkisine goşulyp, onuň yzyndan defis goýlup ýazylýar.

    basa-bas, göçe-göç, ýylba-ýyl, günbe-gün, obama-oba, öýme-öý, gütde-güt, alha-al, sürhä-sür, tizden-tiz.

  8. Bir sözüň iki gezek gaýtalanmagy we soňkusyna -dan, -den goşulmagy bilen ýasalan tirkeş hallaryň arasyna defis goýlup ýazylýar.

    ýyl-ýyldan, gün-günden.

Rus dilinden türkmen diliniň sözlügine giren sözleriň ýazuw düzgüni

  1. Düýp sözler rus dilindäki ýaly ýazylýarlar.

    Fabrik, kemput, äpişge, çäýnek, semawar, penjek, köpük, maşyn, gazet, sekunt, tans, minut, bedre, kürüşge, çemedan, mampasa, turba, şulha ýaly bu kadadan çykarylyp ýazylýan sözler sözlükde berilýär.

  2. Rus diliniň üsti bilen türkmen diline geçen sözlerde duş gelýän türkmen dilndäki j bilen ýazylýar.

  3. Iki sany meňzeş çekimsiz ses bilen gutarýan sözleriň soňundaky çekimsizleriň biri düşürilip ýazylýar.

    Meselem:
    Ýalňyş Dogry
    metall metal
    kilogramm kilogram
    progress proges

    Adam atlary bu kadadan çykarylýar.

  4. Rus dilindäki sypatlar türkmen diline geçirilende, olardaky -nyý, -naýa, -noýe goşulmasy öz öňündäki ýumşaklyk belgisi bilen bile taşlanýar.

    Meselem:
    оригинальная работа original iş
    актуальный вопрос aktual sorag
  5. Rus dilindäki otnositel sypat ýasaýjy -çeskiý, -çnyý ýaly goşulmalar taşlanyp, türkmen dilinde k getirilmek bilen otnositel sypat ýasalýar.

    Meselem:
    академический akademik
    педагогический pedagogik
    антический antik

    Eger şeýle sözler professiýa bilen baglanyşykly at bolup gelseler, onda sypat ýasamak üçin k harpynda soň i getirilýär.

    Meselem:
    At Sypat
    математический matematik matematiki
    химический himik himiki

    -skiý goşulmasy çekimsiz ses bilen gutaran sözlere goşulan ýagdaýynda onuň deregine -ik getirmek bilen otnositel sypat ýasalýar.

    Meselem:
    философический filosofik
  6. Baku, Tartu ýaly sözlere goşulma goşulanda, düýp söz bilen goşulmanyň arasynda w getirilýär.

    Baku, Bakuwyň, Bakuwa, Bakuwda, Bakuwdan.

  7. Soňy -sk bilen gutarýan sözleriň yzyna inçe çekimlili goşulma goşulýar we sazlaşyk üçin düýp söz bilen goşulmanyň arasynda i sesi getirilýär.

    Krasnowodsk, Krasnawodskiniň, Krasnowodskä, Krasnawodskini, Krasnawodskide, Krasnawodskiden.

  8. Gysgaldylan sözler (sözleriň ilki seslerinden düzülenleri) aralaryna nokat goýulman, baş harplar bilen ýazylýar. Şol sözlere goşulma goşulanda, gysgaldylan sözüň düzüminde çekimli ses bolsa, çekimlä, eger çekimli ses bolmasa, soňky çekimsiziň adynyň aýdylyşyna eýerilýär.

    SSSR, SSSR-iň.