nil1

[ni:l]

Ýüplük, mata boýamak üçin gök reňk.

nili azan

Ýoldan çykan, azgynlyk edýän, tersine üýtgän.

  • Nili azanyň gürrüňine meňzeş bir gep tapýarlar, bir ynanar ýaly gürrüň ederler ahyryn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

nil2

[ni:l]

Ok atylýan ýaragyň (tüpeň, nagan, top. we ş. m.) okunyň geçýän turba pisint bölegi.

  • Egniňdäki on alty nomer ýeke nil tüpeňiniň nili onuň kellesindäki köne telpeginden kem gaty ýokarda somalyp görünýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Birden özlerine tarap çenelýän tüpeňiň nilini gördi. («Pioner» žurnaly)