garagolluk

[garago:lluk]

Garagoluň gylyk-häsiýeti, bezzatlyk.

  • Kimdir biri garagolluk bilen hiňlendi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garagolluk - garagollugy.


Duş gelýän formalary
  • garagollugy
  • garagollugymdan
  • garagollugyna
  • garagollugyny
  • garagollugynyň
  • garagollugyň
  • garagollugyňa
  • garagollukda
  • garagollukdygyny
  • garagolluklaram
  • garagolluklary
  • garagolluklaryndan
  • garagolluklaryny
  • garagolluklarynyň