garagol

[garago:l]

Ýakymsyz, bezzat.

  • Ol oglyn çekdi-de, diýdi: -Garagol, besdir indi, otur, akyllyja bol! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol mundan on bäş ýyl öňki bolgusyz, garagol çaga hiç meňzemeýär. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem garagol - garagolum, garagoluň.


Duş gelýän formalary
  • garagola
  • garagolam
  • garagoldy
  • garagolja
  • garagollar
  • garagollardyr
  • garagollary
  • garagollarynyň
  • garagollugy
  • garagollugymdan
  • garagollugyna
  • garagollugyny
  • garagollugynyň
  • garagollugyň
  • garagollugyňa
  • garagolluk
  • garagollukda
  • garagoluň
  • garagoluňky