[a:l]
Gyzgyldrak goňur reňk, gyzylymtyl.
Seni kim ýaratdy beýle al ýaňak.
Jaýyň depesinde bolsa, belli zat, al baýdak pasyrdaýar. (N. Jumaýew, Ak derek)
[a:l]
Fantastik, mifologik düşünjä görä: arwah, jyn, eýe.
Hile, aldaw, mekirlik.
Bedeniňi, saçyňy ak-ala edýän kesele duş bolmak.
Mifologiýa Arwah, jyn täsir etmek.
Biriniň ýüzüni almak, dalamak.
Halnazar onuň öz üstünden düşmeginden howatyr edip, al petinden aldy, herreldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)