akdyrmak işlik

  1. Suwy bir ugra gönükdirmek, suwy bir ýere goýbermek, sowmak.

    • Suwy gök ekine akdyrdylar. Oraz, suwy indi akdyr!

  2. Bir zady suwuň ýüzi bilen gidermek.

    • Ýaglygymy suwa akdyrdym. Kesilen pürsleri suwuň ýüzi bilen akdyrdylar.

  3. Göçme manyda Ýaş dökdürmek, gözýaş etdirmek.

    • Hojam, Halnazar bilen göreşenden soň, gözlerinden ýaş akdyryp gülýän Pökgi wala alaja gözlerini agdaryp seretdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gyllygyňy akdyrmak

seret gyllyk

  • Pökgi wala agzyndaky gök gyllygyny akdyryp, nasyny çuwalyň düýbüne dökdi, dodaklaryny ýalaşdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)