gyllyk

Agyzdan süýgüp çykýan sülekeý, suwuklyk.

  • Gyzjagaz entep ýykyldy, gyllygy sallanyp, dodaklary ýer garbady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýadaw at burnuny parryldadanda, köpük gatyşykly gyllyklar Sähediň üstüne syçrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Onuň gansyz reňki gögerip, gözleri mäzleşipdir-de, agzyndan ganly gyllyk akýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyllyk - gyllygy.

gyllygyň akdyrmak

  1. Bir zada emenip, agzyň suwuny akdyrmak.

  2. Iş oňarman, emelsiz, görnüşde bolmak.