[ýezi:t]
Ganym duşman, zalym, rehimsiz, ýigrenji.
Bu haram ýezitlere özüňi ýençdirme! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Köp ýezidi ýere salan dostum sen. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýezit - ýezidi.