çybyk çy‧byk

[çy:byk]

  1. Agajyň.

  2. Inçemik uzyn baldaklary.

    • Petde-petde garlar ýagmaga durdy, Baglar çybygyny egmäge durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Dor ata atlanyp çybyk kesemde, Palaç kesen ýaly gyryp bilýärin. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Tüpeňiň nilini arassalamak üçin ýörite demir çiş.

    • Jigitler gulan etini tüpeň çybygyna düzüp, kebap bişiripdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çybyk - çybygy.


Duş gelýän formalary
  • çybyga
  • çybygam
  • çybygy
  • çybygyna
  • çybygynam
  • çybygyndan
  • çybygyny
  • çybygynyň
  • çybygyň
  • çybykdan
  • çybykdyr
  • çybyklar
  • çybyklara
  • çybyklaram
  • çybyklarda
  • çybyklardan
  • çybyklardyr
  • çybyklary
  • çybyklaryn
  • çybyklaryna
  • çybyklarynda
  • çybyklaryndan
  • çybyklaryny
  • çybyklarynyň
  • çybyklaryň
  • çybykly