[u:şly:p]
Egrilip edilen sapak, ýüplük.
Kimiň näçe getireni-uşlyba düzülen monjuk ýaly hemmesiniň hasaby bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Baglanyşyk, birlik, birleşik.
Hat front bilen tylyň beýik aragatnaşygynyň bozulmaz uşlybydyr. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem uşlyp - uşlyby.
Hiç zat goýmazlyk, iňňe ýaly zat goýmazlyk.
Öýünde bolsa uşlyp ýaly zadyny goýman, çuwala saldyryp, gaça-gaçlyk bolsa yza galjak gümany ýok. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)