[tuka:t]
Gaýgyly, gamly, keýpsiz, gamgyn.
Bu gün okuwdan soň öýe gelende, ol örän tukatdy. («Pioner» žurnaly)
Men hiç wagt tukat bolmaryn, munuň gepe çelepliginden, dilewarlygyndan hem öwrenerin. (Myraly)
Men geçmişimden gürlesem, tukat bolarsyň. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Agyr, kyn.
Garaňky, tukat durmuş bir eýýäm uzak geçmişe gitdi. («Pioner» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tukat - tukady.