Agyz boşlugynda emele gelýän suwuklyk.
Kentlewüklerde tüýkülik ýerine onuň ýelim ýaly gurak şepbeşigi galypdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Indi siz meni oýunjak diýip hasap edýärsiňizmi? -- diýip, agzyndan tüýküligini saçyp, öňküden hem beter gyzarylyp çişdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňky tüýkülik sakgal ezmez. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tüýkülik - tüýküligi.
Aýdan sözüň ýerde ýatmazlyk.
Seniň «tüf» diýeniňde tüýküligiňiň ýere gaçmaýan wagtyndan oba göçendir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)