suwuklyk

  1. Her hili gabyň formasyny alyp bilýän, akyjylyk häsiýeti bolan jisim.

  2. Köp suw garylanlyk, goýy dällik.

    • Suw buglaryny sorup, hlorly kalsiý birnäçe wagtdan soň suwuklyga öwrülýär. (Ýe. L. Krinow, Asman Daşlary)

  3. Göçme manyda seret suwjuklyk

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem suwuklyk - suwuklygy.