sep1 at

  1. Goşunyň utgaşýan ýeri, sap, hatar.

    • Duşman sepin gyryp frontdan geçdik. (Çary Aşyr, Poemalar)

  2. Bir zadyň seplenip tutdurylan ýeri.

    • Bedräniň sepi açylypdyr.

sep açmak

Iki bölünmek.

  • Goşun sep açyp iki ýana giň ýaýrap barýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

sep2 at

Durmuşa çykan gyza ene-atasynyň berýän zatlary, şaý-geýimleri.

  • Gelen gelniň bir-iki laý egin-başyndan başga sepi ýokdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)