pyşyrdy

Başgalara eşitdirmejek bolup, özara edilýän ýuwaşja gürrüň biri-biriň bilen ýuwaşja gepleýiş zerarly döreýän ses.

  • Olaryň özara edýän pyşyrdysy eşidilip durýardy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Köpçülük arasynda pyşyrdy peýda boldy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Bu aýalyň pyşyrdysy bilen birlikde hereketlenen gollary kemandir bilen Patapa hemme zady pugta düşündirdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • pyşyrda
  • pyşyrdady
  • pyşyrdylam
  • pyşyrdylar
  • pyşyrdylara
  • pyşyrdylary
  • pyşyrdylaryna
  • pyşyrdylaryny
  • pyşyrdylaryň
  • pyşyrdyly
  • pyşyrdymy
  • pyşyrdyny
  • pyşyrdynyň
  • pyşyrdysy
  • pyşyrdysyna
  • pyşyrdysynam
  • pyşyrdysynda
  • pyşyrdysyny
  • pyşyrdyňy