ini

  1. Özünden ýaşy kiçi bolan süýtdeş erkek dogan we doganoglan.

    • Aý, meniň bir öwerlikli kärim ýokdy, meniň agam, inim ylymly alym, hünärli bolup gitdiler. Men bolsam bihepbe çykdym. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Özüňden ýaşy kiçi adama ýüz tutulyp aýdylýan söz.

    • Biziň günämizi ötüň, inim! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bah, inim illi jan, meniň janym jähennem bazaryna gidip barýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)