hyrydarlyk

[hyry:da:rlyk]

Bir zady almaga meýillilik, arzuwy barlyk, höweslilik.

  • Bally han, ata biraz hyrydarlygymyz bar! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sypaýyçylyk bilen kitaba özümiň hyrydarlygymy bildirmäge başladym. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hyrydarlyk - hyrydarlygy.


Duş gelýän formalary
  • hyrydarlyga
  • hyrydarlygy
  • hyrydarlygymy
  • hyrydarlygymyz
  • hyrydarlygyna
  • hyrydarlygynda
  • hyrydarlygyndan
  • hyrydarlygyny
  • hyrydarlygynyň
  • hyrydarlygyň
  • hyrydarlykda
  • hyrydarlykdan
  • hyrydarlyklaryň