hatar1 at

  1. Bir meňzeş predmetlerden göni düzülen setir, sap.

    • Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz. (nakyl)

  2. Bir ugra uzalyp giden öýler, syrgyn.

    • Artyklaryň hatary ýaly mähnet baržalara tirkeşip barýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Gaplanylan ok, peşeň salnyp biliňe guşanylýan, gaýyşdan ýa-da brezentden ýörite tikilen enjam, patrondaş.

    • Eline tüpeň berýär, boýnuna hatary geýdirýär. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

hatardan çykmak

Ulanyşdan galmak, bozulmak, zaýalanmak, könelmek.

  • Ýoluň şu ýagdaýynda maşynlar tiz hatardan çykýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

hatar2 sypat

Gorkuly, wehimli, howply.

  • Emma ol geçelge ýönekeý, aňsatja geçäýmeli ýer bolman, gaty hatar ýer ekeni, ondan diňe batyrlar geçip biljek ekeni. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Oglum, ägä bolgun, ýollaryň hatar! («Sowet edebiýaty» žurnaly)