gowga gow‧ga at

[gowga:]

  1. Dawa gykylyk, galmagal.

    • Bu gowga munuň bilen gutarmady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Bu dünýä gowgadyr, bir galmagaldyr, kimi berhä-berdir, kim alha-aldyr. (Magtymguly)

    • Bir gowgada galdy başym, Dynmaý sykar gözde ýaşym. Eý ýaranlar kim ýetişer dadyma? Başym çykmak köp gowgada sataşdym. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)

  2. Uruş, söweş, jeň.

    • Men ömri gowga bilen geçen adamy adam hasap edýärin. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Ganly gowgalarda geçdi köp günüň. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Siziň başyňyzda bir gowga turuzsam gerek. («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • gowga-da
  • gowgada
  • gowgadadyr
  • gowgadan
  • gowgadyr
  • gowgalar
  • gowgalara
  • gowgalarda
  • gowgalary
  • gowgalarynda
  • gowgalaryndan
  • gowgalaryň
  • gowgaly
  • gowgany
  • gowgasy
  • gowgasyna
  • gowgasyz