emgek at

  1. Fiziki ýa-da ruhy taýdan bolan horluk, azap, jebir, jepa, sütem, kynçylyk, zähmet.

    • Meni diri äkitseň, emegiň ýerine düşer. («Görogly» eposy)

    • Biziň emgegimiz haýyp bolaýjak ýaly görünýär. («Görogly» eposy)

    • Emgegiň siňmedik tylladan geçgin! (B. Kerbabaýew, Saýlanan eserler)

    • Olar nähili çalyşsalar-da, nähili emgek çekseler-de, şol günüň haýsy gündügini ýatlaryna salyp bilmediler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Uzyn zähmetiň, agyr emgegiň hasyly bolan sary bugdaý samandan saýlanýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Aýaklarym gan-gabarçyk, Entäp-entäp emgek çekdim. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

  2. Kesel, dert, agyry.

    • Gurçugymyza bir emgek sataşdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Hüňkar patyşa Jygaly begiň gapdalyndan emgek bolup sataşdy. («Görogly» eposy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem emgek - emgegi.

emgek göz bilen gaşyň arasynda!

Başa iş düşmek, bir zada sezewar bolmak.

  • Garaz, başyňa iş düşjek bolsa, kyn däl eken. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Emgek diýeniň göz bilen gaşyň arasynda bolar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Emgek göz bilen gaşyň arasynda diýen ýaly, ýalňyşlyk özüni bizden entek uzak saýlanok. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)


Duş gelýän formalary
  • emgege
  • emgegi
  • emgegim
  • emgegimiz
  • emgegine
  • emgegini
  • emgegiň
  • emgekden
  • emgekleri
  • emgeklerini
  • emgekleriň
  • emgekliniň