almak işlik

  1. Eliňde ýerleşdirmek, eliňde ýa-da başga bir ýeriňde saklamak.

    • Garry stoluň üstündäki jamy alyp, içini suw bilen çaýkady. (M. Gorkiý, Ene)

  2. Belli şertlerde haýsy-da bolsa bir maksat bilen kabul etmek.

    • Harby gulluga almak.

  3. Bir zada eýe bolmak, gola salmak, özüňe boýun egdirmek.

    • Duşmanyň ýaraglaryny zor bilen aldyk.

  4. Tölemek, bermek (baha hakda).

    • Her adamdan näçe alýar?

  5. Ýanyň bilen göterip gitmek.

    • Ol ugrajak bolanda, çemedan, ýorgan-düşek hem aldy.

  6. Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän isimleriniň manysy bilen baglanyşykly hereket aňladýar.

    • Dynç almak, garşy almak, salgy almak, dem almak.