aldyrmak işlik

  1. Başga bir adamyň üsti bilen bir zat almak, edinmek.

    • Matany Merede aldyrdym.

  2. Ogurlatmak.

    • Jübiňdäki puluňy aldyrmak.

  3. Ýitirmek, gidermek.

    • Gury saman tapman, barja gurbuny hem aldyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýogsam bu ýerzeminde ýatyp, bütin ýoldaşlarymyzy ýeke-ýekeden aldyrmagymyz mümkin. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  4. Agyzlandyrmak, emmegi öwremek, emdirmek (owlak-guzy, göle we ş. m. hakda).

    • Ogulnäzik! -- diýip, guzulary enelerine aldyrmak işi bilen hysyrdanyp ýören bir aýala gygyrdy. («Sowet Edebiýaty žurnaly)

aldyrany bar ýaly

Örän gyssagly, örän howlukmaç.