Boýun gaçyrmak, biri işi ýerine ýetirmekden dänmek, etmejek bolmak.
Men bu ýagdaýdan boýun towladym. («Tokmak» žurnaly)
Men beýle binamysçylygy edip bilmen, näme bolsam ýoldaşym bilen bile bolaryn -- diýip, Pýotr taşlap gitmekden boýun towlady. (A. Gowşudow, Eserler)