Anatomiýa Bedeniň kelle bilen göwräni birleşdirýän bölegi.
Boýunlarynda ýaglyjak, bir eýjejik, bir geňji. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Beýlekisi bolsa boýny bokur uzyn adamdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Düýe öz boýnunyň egrisini bilmän, ýylana egri diýermiş. (nakyl)
Küýze, çüýşe ýaly gap-gaçlaryň agzynyň inçelýän ýeri.
Boýny uzyn çüýşe.
Geýim-gejimiň kellä geýdirilýän ýeri, ýakasy.
Köýnegiň boýny giň bolýar.
Jogapkär.
Onuň şeýle etmejegine men boýun.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem boýun - boýnum, boýnuň, boýny.
Syrtmak edip daňmak;.
Biriniň ygtyýaryny doly suratda ele almak.
Subut etmek.
Men Aýgülüň boýnuna goýýaryn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Öldürmek.
Göwni kem, göwni synyk, tukat.
Gaty semremek, ýognamak (adam hakda).
Özüň baradaky bir zadyň hakykydygy, dogrudygy bilen ylalaşmak.
Men ýalňyşymy boýun aldym ahyry. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bir işi, ýumşy ýerine ýetirmäge wada etmek, söz bermek.
Paşçy, bulary alyp gitmesek, işimiz ýol almaz, bular ähli işi bitirmegi boýun aldylar. (A. Gowşudow. Mähri-Wepa)
Bir zadyň ýerine ýetirilmegini öz üstüňe almak.
Men çagalaryň okuwdan galmajagyna boýun boldum;.
Garaşly bolmak, tabyn bolmak, boýun egmek.
Lap etmeýän, ol bir belli çeperdi. Çeperler hem oňa bolardy boýun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Bir zat üçin ötünç soramak, ýalbarmak, birinden bir zat dilemek.
Täleýiň ters gelip, egildi güýjüň, Dyza çöküp boýun burarsyň indi. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Birine garaşly, bagly bolmak.
Lepbeý diýip baýa boýun burardy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Tabyn bolmak, boýun bolmak, gulak asmak.
Çöller bize boýun egip, Orun berer giň şähere. (N. Omadow, Wagt Güneşi)
Karara boýun egmek islemeýän jenaplara üns bermäge wagt ýetdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Biriniň aýdany bilen razylaşmak.
seret boýun towlamak boýun towlamak
Soň yzyna uçup gelen kepderileri eýelerine gaýtaryp bermekden boýun gaçyrýar. («Tokmak» žurnaly)
Gyz alyp gaçanyň ters yzyny yzarlamakdan yzçy boýun gaçyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret boýun egmek boýun egmek
Boýun gaçyrmak, biri işi ýerine ýetirmekden dänmek, etmejek bolmak.
Men bu ýagdaýdan boýun towladym. («Tokmak» žurnaly)
Men beýle binamysçylygy edip bilmen, näme bolsam ýoldaşym bilen bile bolaryn -- diýip, Pýotr taşlap gitmekden boýun towlady. (A. Gowşudow, Eserler)
seret boýun towlamak boýun towlamak
Eziz olaryň hemmesinden boýun toglady. (B. Kerbaöbaýew, Aýgytly ädim)
Owadan, uzyndan ak boýunly.