zyňmak zyň‧mak işlik

  1. Zady uzaga düşürmek üçin batly taşlamak, dazyrdadyp goýbermek, oklamak.

    • Şol mahal oglanjyk elindäki pökgüsini özlerine ýakynlaşyp barýan Mährä zyňdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Harap bolmak, zaýalanmak ýa-da derde ýaramazlyk zerarly atyp goýbermek, aýryp taşlanmak, aýyrmak.

    • Bu gün geler, erte geler bilen güllerine suw sepip, iki-üç günläp saklasa-da, ahyry zyňmaly boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Ýüz döndermek, unutmak, bes etmek, goýmak.

    • Ýaltalygy zyňmak üçin kynçylygy ýeňmek üçin, tutanýerli bolgun, inim! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  4. Batly towusmak, ýokary bökmek.

    • Aýagynyň astynyň ykjam däldigini syzan mes bir at asmana zyňdy-da, iki wagonyň arasyna düşüp, bir aýagyny döwdürip, germesatan asylyp galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  5. Ahyryna çenli ýetirmän goýmak, ahyryna çenli dowam etdirmän galdyrmak, eýgermän goýmak.

    • Bir işi başlap zyňmak.


Duş gelýän formalary
  • zyňalyň
  • zyňan
  • zyňanda
  • zyňandan
  • zyňandygyny
  • zyňanlary
  • zyňanlygy
  • zyňanym
  • zyňanyndan
  • zyňanyny
  • zyňanyňda
  • zyňar
  • zyňardy
  • zyňarlar
  • zyňarly
  • zyňarsyň
  • zyňarys
  • zyňaý
  • zyňaýjak
  • zyňaýsam
  • zyňaýyň
  • zyňdy
  • zyňdy-da
  • zyňdygy
  • zyňdyk
  • zyňdylar
  • zyňdym
  • zyňjak
  • zyňjakmy
  • zyňma
  • zyňmadylar
  • zyňmaga
  • zyňmagy
  • zyňmak
  • zyňmakda
  • zyňmakdan
  • zyňmaklyk
  • zyňmaly
  • zyňmalydygyny
  • zyňman
  • zyňmyş
  • zyňsa
  • zyňsalar
  • zyňsaň
  • zyňsaň-da
  • zyňsyn
  • zyňyp
  • zyňypdy
  • zyňypdym
  • zyňypdyr
  • zyňypdyr-da
  • zyňypdyrlar
  • zyňýan
  • zyňýana
  • zyňýandyklary
  • zyňýar
  • zyňýar-da
  • zyňýardy
  • zyňýardylar
  • zyňýarlar
  • zyňýarsyň
  • zyňýaryn