Aýagyň bişen ýaly, oda-köze düşüp barmak, howsala düşmek, aladaly hereket etmek, ynjalyksyz ýagdaýda alňasamak, zowzanaklamak.
Mawy Pökgi walanyň hinini ýitiren alaka ýaly, iki baka zowzuldaýanyny gördi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Mamagüle «gel ýaraşaly» diýdirjek bolup, öýleriniň töwereginde eýläk-beýläk zowzuldap hem gördi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)