[zo:r]
Güýç, kuwwat, gujur.
Ganymlardan aldyň ary, Kuwwatlandy goluň zary. (Durdy Gylyç, Goşgular)
Güýçli, kuwwatly, gujurly.
Işde tutanýerli zor ägirtlere hormatly kän salam Ata Salyhdan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Ýagyş dogrudan hem zor ýagýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Oňat, gowy, ökde, gaýratly.
Ol zor ýygymçy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Maşynlaryň hem öziň zor işleýän bat bilen. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem zor - zorum, zoruň.
Köp güýç sarp etmek, güýçli hereket etmek, bir işe janypkeşlik bilen ýapyşmak, zor salmak, gaty agram salmak.
Zorluk etmek, güýç görkezmek.
Başlyk zor edip durmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret zor bermek zor bermek
Men aýak çekip gulagyma näçe zor salsam-da, ýaňky inçejik ses gaýtalanmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Zorluk görmek, zoraýakdan, zora galyp etmek.
Atam meni zora düşüp barýandyr hyýal etmesin. («Görogly» eposy)