[zo:lak]
Matanyň ýüzüne gelşik üçin edilýän inli zol-zol çyzmyklar.
Ganatlarynyň üstünde zolak ak çyzmyklar bar. (N. A. Iwanow, Guşçulyk maldarçylygyň iň möhüm pudaklaryndan biridir)
Giňişligiň inçeden bir ugra uzap gidýän bölegi.
Kurort dag etegi bilen sähra zolagynyň araçägynde deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşendir. (M. G. Berdigylyjow, Türkmenistanyň kurortlary)
Bir zadyň uzap gidýän ugry bilen gögerýän ýa-da ýerleşýän ýeri, meýdany.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem zolak - zolagy.