[zerba:p]
Zer bilen bezelen, zer ýaly, zer mysaly.
Ýigit nurdan zerbap don geýen ýaly, Durýar gyzyň göz öňünde ýalbyrap. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem zerbap - zerbaby.