[zehi:nlilik]
Zehini güýçlülik, zehini ýitilik, ukyplylyk, talantlylyk.
Mugallymlar onuň ajaýyp zehinlidigini we poýeziýany aýratyn gowy görýändigini belleýärdiler. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Gurt özüniň ýiti zehinliligi bilen ökde hat-sowatly bolupdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem zehinlilik - zehinliligi.