[za:t]
Her dürli materiallar, harytlar, aýratyn predmet, önüm we ş. m.
Dürli hadysa, waka, ýagdaý, ahwalat we ş. m.
Arkaýynçylyk wagtynda seniň hemme zada akylyň hem ýetýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem zat - zadym, zadyň.