Zarňyldyly ses çykarmak, zarňyldyly seslenmek.
Ol şkaf bilen boýdaş bolup, onuň tahyllaryny çekende bolsa, onuň kaşaň simleri zarňyldady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Örän gurat, kirişleri zarňyldap duran dutar, eliňe alyp çalybermeli. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Diwardaky asma sagat yzly-yzyna ýedi gezek, zarňyldady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)