zaman

[zama:n]

  1. Döwür, zamana, eýýam.

    • Häzirki zaman edebiýaty.

  2. Wagt, çag, mütdet.

    • Hoş gal, Gözel! Hat ýazyp dur her zaman, -- Seni çäksiz söýýän ýoldaşyň Aman. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Dünýäden bihabar, bigaýrat duşman, Bürgüt penjesine düşdi şo zaman. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

  3. Grammatik termin Hereketiň bir wagta, ýagny öten, geljek, häzirki wagta degişliligini aňladýan işlik formasy.

    • Işligiň häzirki zaman formasy «-ýar, -ýer» goşulmasy, arkaly ýasalýar.


Duş gelýän formalary
  • zaman-da
  • zamana
  • zamanady
  • zamanadyr
  • zamanam
  • zamanda
  • zamandady
  • zamandadygy
  • zamandaky
  • zamandan
  • zamandyr
  • zamanlar
  • zamanlara
  • zamanlarda
  • zamanlardaky
  • zamanlardam
  • zamanlardan
  • zamanlary
  • zamanlarymyzdan
  • zamanlaryna
  • zamanlarynda
  • zamanlaryndaky
  • zamanlaryndan
  • zamanlarynyň
  • zamanlaryň
  • zamanmy
  • zamany
  • zamanydy
  • zamanydyr
  • zamanymyza
  • zamanymyzda
  • zamanymyzdan
  • zamanymyzyň
  • zamanyn
  • zamanyna
  • zamanynda
  • zamanyndaky
  • zamanyndan
  • zamanyny
  • zamanynyň
  • zamanyň
  • zamanyňky