Adamzadyň belli bir maksat üçin sarp edýän akyl hem-de fiziki güýji.
Azat bir durmuşda şol azat zähmet ýer ýüzünde döredipdir jenneti. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Dogrudan hem bu baldyrlaryň ýumry etleri zähmetde berkişdi ahyry. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Şunça zähmet bilen galdyran böwedini suw eýýäm ýykara getiripdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Azap, görgi, jebir, jepa.
Agşamky ýel adamlara zähmet beren bolmaga çemeli. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Çekseň zähmet, ýagar rähnet. (nakyl)
Zähmet soňy rähnet. (nakyl)